Alpanlylaryň alnyndan ak Gün dogdy

4 Sentýabr 2024
53

Ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ilaty üçin ýene bir şatlykly waka — mekdebiň täze binasynyň açylmagy bilen utgaşdy. «Ussat Tirkiş» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň bina eden iki gatly ymaraty obalylara ajaýyp toý sowgady boldy.

Öňden obada hereket edýän mekdepde okuwçylaryň sanynyň artmagy netijesinde täze bilim ojagyny gurmak zerurlygy ýüze çykdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen mundan sähelçe wagt ozal täze mekdebiň gurluşygyna girişilipdi. Ine, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny toýlamaga giňden taýýarlyk görülýän günlerde-de alpanlylar göwün maksadyna ýetdiler — täze mekdepli boldular.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar