Magtymguly Pyragy

4 Sentýabr 2024
77

Galkyn, köňlüm, ýene joş eýle, galkyn,
Agzybir, parahat ýaşaýar halkym.
Bu topraga Gökden düşüpdir ýalkym,
Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!

Eden arzuwlaryň gowuşdy ahyr,
Akyldar hem zergär, pähimdar şahyr!
Ýazan eserleriň äleme — zahyr,
Şygyr şasy — Magtymguly Pyragy.

Tawus AMANDURDYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar