San­ly ul­ga­myň mümkinçilikleri

4 Aprel 2023
1101

Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ta­lyp ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. San­ly bi­lim por­ta­ly elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da, şeýle hem bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk edil­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar.

San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len uzak ara­lyk­dan bi­lim al­mak gör­nü­şi­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge-de mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Oňa elekt­ron oku­wyň bir gör­nü­şi hök­mün­de ga­ra­mak müm­kin­dir.

Baý­ram NA­ZA­ROW,
Çär­jew et­ra­byn­da­ky 33-nji or­ta mek­de­biň in­for­ma­ti­ka mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar