Tebigatyň gözelligini aýalyň!

30 Mart 2023
1113

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar.

Diýarymyzda ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan paýtagtymyzda we onuň daş-töwereginde hem-de şäherlerdir etraplarda ekilen agaç nahallary bu günki gün boý alyp, uly daragtlara öwrüldi. Tebigatymyzyň bu ajaýyp gözelligini ýangyn howpundan gorap saklamak mukaddes borçdur.

Öwezgeldi GARAGULOW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.
Beýleki habarlar