Türkmen tehnologiýa kompaniýalary birinji synp okuwçylary üçin bilim noutbuklaryny öndürer

20 Mart 2023
938

«Agzybirlik tilsimaty» we «Aýdyň gijeler» Türkmen tehnologiýa kompaniýalary 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli noutbuk öndürmek we bilim edaralaryny üpjün etmek we olara hyzmaty bermek üçin ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen şertnama baglaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara anna güni gol çekdi. Bu resminama, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdeplerine kabul edilen birinji synp okuwçylaryna noutbuklaryň sowgat berilmegini göz öňünde tutýar.

Beýleki habarlar