AÇYŞ ETMÄGE SYNANYŞDYŇYZMY?!

3 Mart 2023
1134

Pikir öwreliň:ylym näme?Ylym biziň ömrümizde alyp biljek iň uly peşgeşimizdir. Özümiziň özümize berip biljek peşgeşimizdir.Ylym bilen meşgullanmagyň baş maksady ylmy ýaran edinip, adamzat üçin peýdaly nähilidir bir täze zady durmuşa ornaşdyrypbilmekden durýar. Biz muny açyş etmek diýip hem atlandyrýarys. Şu makalamyzda hem açyş etmek hakynda söhbet açmagy makul bildik. Munuň üçin, ilki bilen, bir soraga jogap bereliň. Açyş etmek näme? Açyş etmek ― bu täze bir pikir, usul ýa-da enjam döretmekdir. Açyş etmek bilen haýsydyr bir meselä täzeçe çözgüt bilen çemeleşip bolar ýa-da köne çözgütler kämilleşdirilip bilner. Her bir açyş pikirlenmekdan başlaýar. Her kimiň özboluşly pikiri bardyr. Diýmek, her kim täze bir açyş edip biler. Munuň üçin ilki bize bir mesele zerur. Meseleden soňra gerek zadymyz bolsa pikirdir. Özem täze bir pikir. Ýöne pikirler gökden alma gaçan ýaly gaçmaz. Diýmek, biz pikirimize gözbaş edip öňki pikirleri hem ulanyp bileris. Açyş etmegiň ikinji bir ýoly bolsa orta atylan meseläniň çözüliş ýollaryny tapmak. Mesele we pikir orta goýlandan soňra, ony kämilleşdirmek o diýen bir kyn däl. Esasy kynçylyk, orta atylan mese le babatyndaky sagdyn pikirleri tapmakda. Aslynda, açyş etmek maksady bilen bir mesele tapmak kyn zat. Muny şeýleräk düşündirip bolar: siz haýsam bolsa bir mese le hakynda pikir ediň, meseläniň çözgüdi bolsa siziň ýaşaýşyňyzy ýeňilleşdirjek, adamlara peýda berip biljek zat bolsun. Meseläni, belki, dostlaryňyz ýa-da maşgalaňyz bilen gözläp bilersiňiz. Birnäçe adamyň pikirini diňläň, pikirler bilen beýniňiziň çuňluklaryna siňmäge synanyşyň. Eger bu aýdylanlar hem siziň üçin çylşyrymly görünýän bolsa, onda size täze açyşlara iterip biljek käbir maslahatlary berýäris.

ŞOWSUZLYKDAN GORKMAŇ!

Agageldi ITALMAZOW,
«Arkadagly Ýaşlar»
Beýleki habarlar