8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş žurnalistleriň we talyp gyzlaryň arasynda geçiriljek «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

27 Fewral 2023
1814

I. Bäsleşigiň maksady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep-gymmatlyklarymyzy,
däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda tagallalar edilýär.

Beýleki habarlar