Türkmenistanda otly peteklerini indi Döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn satyn alyp bolýar

27 Fewral 2023
905

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly otly petekleriniň satuwyna başlady. Bu barada hyzmatlaryň resmi portaly habar berdi. Indi Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň web sahypasyndan we EGOVTM ykjam programmasyndan kassada nobata durmazdan otly petegini onlaýn ýagdaýda satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda petekler IOS we Android programmalarynda hem ýerleşdirildi.

Hyzmat «Demirýollary» AGPJ bilen bilelikde işe girizildi. Programmada ähli esasy otly ugurlary boýunça petekler bar.

Beýleki habarlar