Ýokary tizlikli we arzan internet berler

24 Fewral 2023
865

Welaýatymyzyň ýaşaýjylary 1-nji martdan başlap, «Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän internet hyzmatlaryndan häzirkisinden arzan bahalarda ulanyp bilerler.

Kärhananyň girizen ilkinji täzeligi şol günden tizligi sekuntda 4 we 6 megabite ýetýän bukjalaryň hem hödürleniljekligidir. Tizligi sekuntda 4 megabit bolan internet bukjasy aýda 230, 6 megabit bolan bukjasy bolsa 280 manat baha bilen berler.

Beýleki habarlar