Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag ugry sanlylaşdyrylar

23 Fewral 2023
780

«TRACECA» halkara hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlar Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara multomodal ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretmek kararyny goldadylar. Bu barada «Trend» habarlar agentligi mälim edýär.

Şeýle hem halkara multimodal ulag ugruna gatnaşyjy döwletleriň wekilleri serhetüsti ýükleri geçirmek boýunça soraglara jogap berýän «Gyzgyn jaň» ulgamyny işe girizmek başlangyjyny makulladylar. Taraplar Hazar deňzi arkaly gämili ýükleriň daşalyşynda köptaraplaýyn ylalaşyk boýunça resminamalary taýýarlamak, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara multomodal ulag ugry boýunça ýük awtomobil sürüjileriniň wizasyz üstaşyr geçmekleri bilen bagly meseleleri öwrendiler hem-de degişli işleri dowam etdirmek boýunça özara ylalaşdylar.

Beýleki habarlar