QR-kod — döwrebap elektron töleg hyzmaty

17 Fewral 2023
1043

Sanly ulgamda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň geriminiň giňemegi, bankyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, müşderi-bank gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem amatly şertleri döredýär. Dünýä tejribesinde giňden ulanylýan sanly bank hyzmatlaryna mysal hökmünde internet-bank, mobil-bank, galtaşyksyz töleg, QR-kod, elektron gapjyk ulgamlaryny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde dünýäde QR-kodlary ulanmak has giňden ýaýrandyr. QR-kod iki ölçegli kod bolup, «dessin tassyklanýan kod» («Quick Response Code») diýlip atlandyrylýar. Onuň esasy aýratynlygy: dürli mobil programma üpjünçilikleri tarapyndan QR-koddaky maglumatlar çalt düşünilip we tanalyp bilner. Adaty bir ölçegli ştrih-koddan tapawutlylykda, köp mukdarda maglumatlary (7089 san ýa-da 4296 harp, san we ýörite nyşan) öz içine alyp bilýär.

Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar