Wektrandan öndürilen dünýäde ilkinji çehol görkezildi

23 Ýanwar 2023
710

«Newcloth» kompaniýasy «ZPX-001 Martian Sunset» atly «iPhone» akylly öýjükli el telefonlary üçin dünýäde ilkinji wektrandan (suwuk kristal süýüm) ýasalan çehol (daş goraýjy) çykardy. Bu barada «ixbt.ru» habar berýär.

Habar berilmegine görä, wektran süýümi aramid (kewlar) süýümlerine garanyňda 20 — 50% aralygynda berkdir. Şeýle material NASA-nyň 1997-nji ýyldaky «Mars Pathfinder» maksatnamasynyň çäginde kosmos apparatyny gonuş wagtynda goramak üçin ulanyldy. Şeýle hem kosmos eşiklerinde we halkara kosmos stansiýasynda ulanylýar.

Taýýarlan Meňli AMANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.
Beýleki habarlar