Tehnologiýalar äleminde

18 Ýanwar 2023
820

Täsin çemedan

Meşhur fransuz «Kabuto» kompaniýasy özüniň täze önümi bolan «Kabuto Trunk» atly täsin çemedanyny hödürleýär. Işläp düzüjileriň aýtmaklaryna görä, «Kabuto Trunk» dünýädäki ilkinji biometrik gulply tigirçekli çemedandyr. Onuň eýesine çemedany açmak üçin açar, kod ýa-da programma gerek däldir. Çemedanyň gulpuny açmak üçin barmagyňy gurnalan skaýnere basmak ýeterlikdir. Skaýner on barmaga çenli ýatda saklamaga ukyplydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar