«Kökçi» hojalyk jemgyýeti akkumulýator öndürýär

18 Ýanwar 2023
727

Akkumulýator önümçiligi bilen adygan «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler içerki bazary doly üpjün etmek bilen, goňşy döwletlere-de eksport edilýär. Kompaniýa akkumulýatorlary ýakyn geljekde Azerbaýjana hem eksport edip başlar. Bu ugurda häzirki wagtda işewürlik geleşikleri baglaşylýar.

Türkmenabat şäherindäki «Kökçi» hojalyk jemgyýeti geljekde hem önümçiligiň kuwwatyny iki esse artdyrmagy, täze haryt nyşanly akkumulýatorlary öndürmegi, içerki we daşarky bazarda hyzmatdaşlarynyň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Bu babatda kärhanada Hindistandan, Hytaýdan ýokary kuwwatlylykly täze enjamlar getirilip, olary gurnamak, önümçilige ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar