Ýaşlarda gujuram bar, gaýratam

18 Ýanwar 2023
641

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag-ýol ulgamynda Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde uly ösüşler gazanylýar. Güneşli Diýarymyzyň şäherlerinde we obalarynda halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary amatlylykly awtobuslar, taksiler ýolagçylara hyzmat etseler, kuwwatly ulaglar halk hojalygy üçin ähmiýetli bolan ýükleri daşaýarlar. «Türkmenawtoulag» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginde hem ilat üçin hyzmatlaryň ähli görnüşleri ýokary derejede ýola goýuldy.

Önümçilik birleşigimiz 2020-nji ýylyň zähmet görkezijileri boýunça ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň arasynda iň göreldeli kärhana adyna eýe bolupdy. Bu hormatly at işdeş ýoldaşlarymyzyň zähmet öndürijiligini asla gowşatmazlyga borçlandyrdy. Ýyl geçdigisaýyn sürüjilerimiz öz yhlasly zähmetleri bilen bu ada ýöne ýerden mynasyp bolmandyklaryny subut edýärler. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde önümçilik birleşigimizde ilata edilýän hyzmatlaryň hili barha ýokarlanýar. Kärhanamyzda, esasan, hyzmatyň iki ugry, ýagny ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Möwlam HAÝTGULYÝEW,
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar