Huawei Türkmenistanyň telefon ulgamynyň giňelmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşar

17 Ýanwar 2023
658

Hytaýyň Huawei Technologies kompaniýasy Aşgabatda we ýurduň sebitlerinde durnukly telefon ulgamyny giňeltmek taslamasynyň çäklerinde enjamlar, programma üpjünçiligi we ygtyýarnamalar bilen üpjün eder we şol sanda daşama, gurnama, işe girizmek we tehniki goldaw işlerini ýerine ýetirer.

Taslama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan amala aşyrylýar we täze sanly telefon beketleriniň gurulmagyny, Gigabit PON tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagyny we bar bolan telefon ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar, bu bolsa ýokary tizlikli internet, IP-TW ýaly häzirki zaman hyzmatlarynyň giň topary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki habarlar