«Daşoguztelekom» hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirýär

16 Ýanwar 2023
747

«Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasyny tarapyndan geçen ýyl welaýatda meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 3400 telefon nokadynyň ýerine olaryň 4655-si ornaşdyryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen ýyl kärhananyň işçi-hünärmenleri tarapyndan welaýatyň ähli ýerlerinde ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmäge mümkinçilik berýän sanly aragatnaşyk beketleri oturdyldy. Netijede, häzirki wagtda iň çetki obalaryň ilaty hem sanly aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Welaýatyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň artýandygy ilatyň öýlere çekilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen telefon nokatlaryna bolan islegi hem ýokarlanýar.

Beýleki habarlar