Taýwanda akylly roboty işe girizdiler

10 Ýanwar 2023
698

Çaý we kofe Taýwanda esasy ekinler bolup, olardan döwlete oňat girdeji girýär. Innowasion tehnologiýanyň kömegi bilen ekologiýa zyýan ýetirmezden, olary ösdürip ýetişdirmek üçin çykarylýan harajatlary azaldyp, girdejini artdyrmaga mümkinçilik bar.

Ýurduň oba hojalyk birleşiginiň Milli derňew we çaýy ýaýradyjy merkeziniň hünärmenleri tarapyndan haşal otlary aýryp bilýän hem-de kofedir çaýa ösüş döwründe berilýän agrohimiki dökünleriň mukdaryny azaldyp, täze döküni bermäge ukyby bolan robot döredildi we taýwanly fermerlere hödürlenildi. Merkeziň direktory Su Sunçeniň aýtmagyna görä, bu robot çaýy ösdürip ýetişdirmekde çykarylýan umumy çykdajynyň 30 göterimini azaltmaga ýardam edýär.

Ülker ORAZGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar