Sanly ykdysadyýet — aragatnaşyk ulgamynyň möhüm şerti

4 Ýanwar 2023
841

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň belent başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen türkmen ýaşlaryna dünýä derejesinde ylym-bilim almaga amatly şertler döredilýär. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geljekde senagatymyzyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ulgamynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamak babatynda innowasion tehnologiýalary we okatmagyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmagy dowam etmek, şeýle hem döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen okuw otaglary we ylmy-barlag tejribehanalar arkaly bilimiň ýokary hilini gazanmak işleri yzygiderli ýola goýulýar.

Ykdysadyýetimiziň senagat toplumynyň güýçli depginler bilen ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşjak geljekki hünärmenlere bu günki gün ýokary okuw mekdebinde häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýän enjamlarda, şeýle hem dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan tejribehanalarda tejribelik okuwlarynyň döwrebap geçirilmegi, talyplaryň nazary bilimleriniň has-da kämilleşmegine uly şert döredýär. Sanly ulgama daýanýan okuw sapaklarynda talyplar hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň senagatynyň täze ösüşlere eýe bolmagy üçin önümçilige ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalar, şeýle-de sanly ykdysadyýetimiziň ösüşleri barasynda giňişleýin maglumatlary alýarlar.

Gülşirin AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar