Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biridir. Sanly bilim ulgamy sanly ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr. Şunuň netijesinde wagty tygşytlamak, iş ýöredilişini çaltlandyrmak, tehnologiýany ösdürmek we bu babatda ýaşlaryň başarjaňlyklaryny artdyrmak ýaly esasy bähbitler gazanylýar. Şundan ugur alyp, ylymly-bilimli, sagdyn, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem ösüşlere alyp gitjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen birlikde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmäge, pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, onuň köpugurly esasda ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy taslamalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümiň senagat we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynyň ösüş maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy üstünlikli alnyp barylýar.