«Trimble» nemes kompaniýasyny satyn alýar

18 Dekabr 2022
914

ABŞ-nyň «Trimble» programma üpjünçiligi we tehnologiýa hyzmatlary kompaniýasy Germaniýanyň logistika üçin programma üpjünçiligini öndürýän «Transporeon» kompaniýasyny satyn almakçy bolýar. «Trimble»-niň metbugat beýanatyna laýyklykda, geleşigiň bahasy 1 milliard 880 million ýewro bolup, resminama işlerini 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Töleg kompaniýada bar bolan nagt maliýe serişdeler we täze maýa goýumlary çekmek arkaly amala aşyrylar.

«Transporeon»-iň programmalary ýük ugradýan, daşaýan, söwda kompaniýalary hem-de ýük ekspeditorlary üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda kompaniýanyň hyzmatyndan, takmynan, 145 müň ýük daşaýan we logistika kompaniýa, 1,4 müň töweregi ýük ugradýan we ýüki kabul edýän kompaniýa peýdalanýarlar.

Annamuhammet BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar