Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşleriň özeni

16 Dekabr 2022
864

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan uly işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet düşünjesi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bu ugruň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda, Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly toruny döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, milli sanly toruny döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly toruny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Beýleki habarlar