Türkmenistanyň özbaşdak Milli sanly tory dörediler

12 Dekabr 2022
700

Türkmenistanda Internet tory bilen bagly bolmadyk özbaşdak Milli sanly toruny döretmek, şeýle hem bu işler bilen bagly durmuşa geçirilmeli çäreleri ulgamlaýyn alyp barmagyň esaslaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, milli sanly toruny döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak hem-de Milli sanly toruny döretmek baradaky taslamany durmuşa geçirmek boýunça iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Beýleki habarlar