Ra­sio­na­li­za­tor­çy­lyk işi­niň hu­kuk bin­ýa­dy

5 Dekabr 2022
1061

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy, täze senagat pudaklaryny döretmekde milli Maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylma uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylmyň-bilimiň ösüşinde görýäris. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»: «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli innowasiýa ulgamyny kemala getirmek maksady bilen ylmy-barlag işleri hem-de täze oýlap tapyşlar we tejribeler üçin maliýe serişdelerini goýbermegi dowam etdirmek, ylmy köp talap edýän we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleri höweslendirmekden ybaratdyr» diýlip bellenendir. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä tejribesinden peýdalanyp halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Serdar BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar