Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň döwrebap ulag düzümini, aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmekde ýola goýýan işleri diňe bir milli ykdysadyýetiň ilerlemegine däl, eýsem, sebitiň rowaçlygyna uly itergi berýär. Munuň özi ulgamyň sanlylaşdyrylmagy hem-de ösdürilmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzyň howa, deňiz ýollary, demir ýol we awtomobil ulaglary pudagynda döwrebap sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy içerki we halkara gatnawlarynda ýokary hilli, netijeli, howpsuz ýol-ulag düzüminiň emele gelmegini çaltlandyrmak bilen bir hatarda, ýolagçy hem-de ýük dolanyşygynyň mukdar, hil görkezijileriniň artmagyna, hasabatlylygyň takyk alnyp barylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.