Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, beýik işler durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işler uly üstünlige eýe bolýar. Her bir ösüşiň gözbaşynda bolsa hormatly Prezidentimiziň ylma esaslanýan başlangyçlary, döredýän giň mümkinçilikleri bar. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim döwrebap ösdürilip, kämil hünärmenler bilen milli ykdysadyýetimiz üpjün edilýär. Kämil hünärmenleriň kemala gelmegi sanly ulgamyň hem ösdürilmegine oňat mümkinçilikleri döredýär. Döwrebap ösüşleriň üpjün edilmegi bolsa sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet, ylmy dilde aňladylsa, emeli aň-düşünjeleri, internet maglumatlary, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny toplamagyň bir bitewi elektron ulgamydyr. Şunda uly göwrümli maglumatlary kynçylyksyz özleşdirip, ulgamlaşdyryp we seljerip bolýar. Şeýle hem maglumatlary islendik wagtda uzak aralyklara ugradyp bolýar, täze tanyşdyryşlar gyzgyny bilen ulanyjylara ýetirilýär, ygtybarly saklanýar, beýleki hyzmatlar amala aşyrylýar. Bilermenler, hususyýetçiler sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen dünýä ykdysady giňişliginde dördünji senagat rewolýusiýasynyň amala aşyrylýandygyny belleýärler. Onuň mümkinçilikleri örän uludyr. Hususan-da, uly göwrümli maglumatlary toplamagyň, gaýtadan işlemegiň, seljermegiň we gerekli wagtynda ulanmagyň hem ibermegiň usulyýet esaslaryna eýe bolnandygy ykrar edildi.