Aşgabatda geçirilen 15-nji «Türkmentel—2022» sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Tehnomerkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ tarapyndan bilelikde taýýarlanan ilkinji türkmen antiwirusy — Milli One Endpoint Security köpçülige tanyşdyryldy.
Täze antiwirus Windows we Mac porogramma üpjünçiligini goldaýan ähli gurluşlar üçin elýeterlidir. Milli One antiwirusynda poçta, web howplaryna we tor hüjümlerine garşy gorag modullary bar, şeýle-de ol gizlin zyýanly programma üpjünçiliginden goraýar.