Gazanylan üstünlikleriň beýany

11 Noýabr 2022
839

«Türkmentel — 2022» halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi

Ykdysadyýet özgerýär, barha innowasion häsiýete eýe bolýar, ýokary tizlikli, giň zolakly aragatnaşyk hem-de internet torlarynyň peýdalanylmagy bu özgertmeleriň esasyny düzýär. Tehnologik täzeçillikleri hasaba almak bilen, hemişe kämilleşýän hem-de olary ykdysadyýeti dolandyrmak üçin ornaşdyrýan ýurtlar bäsdeşlige has ukyply bolýarlar. Bu babatda 10-11-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

"Nesil".
Beýleki habarlar