«Sanly çözgüt — 2022»: 240-dan gowrak taslama hödürlendi

5 Noýabr 2022
930

4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde   Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemleriniň 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda guraljak Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisini we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlenjekdigini mälim etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, öňde goýlan wezipelere ýetmek, innowasiýa-programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen nobatdaky “Sanly çözgüt-2022” bäsleşiginiň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Beýleki habarlar