Ekologiýanyň goraglylygy — ynsan saglygy

26 Oktýabr 2022
1339

Garaşsyz Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, tebigaty goramakda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Milli Liderimiz tarapyndan anyk kesgitlenilen we üstünlikli çözülýän wezipeler Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň kabul eden, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlary bilen berk baglydyr.

Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen adamlarda «ýaşyl» gurluşyklara bolan gyzyklanma artýar we bu ugurdaky milli, halkara derejelerdäki taslamalar uly goldaw tapýar. «Ýaşyl» taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, adamyň saglygyna peýdalylygy, düýbünden howpsuzlygy we daşky gurşawa zyýanly täsirleriň pes derejede bolmagy, hatda bolmazlygy bilen bir hatarda geljek nesilleriň gyzyklanmalary, başga-da birnäçe taslamalar bilen utgaşyklylygy göz öňünde tutulýar.

Enejan ERGEŞOWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Dänew etrap geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar