Alymlar kosmosda şaly ýetişdirmekçi

10 Oktýabr 2022
1361

«Wentýan» laboratoriýa moduly bilen kosmosa äkidilen şalynyň tohumy bir aýdan soňra gögerdi. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Ylymlar akademiýasy habar berýär.

Ylymlar akademiýasynyň kosmosda ösümlik ýetişdirmek maksatnamasynyň ýolbaşçysy Çžen Hueýsýun häzirki wagtda şalynyň tohumyny şineletme işiniň üstünlikli amala aşyrylandygyny, bu ugurda, hususan-da, gysga däneli şalynyň 4 — 5 santimetr boý alandygyny belledi. Hytaýly kosmonawtlar bu nusgalary ýygnap alyp, olary doňdurarlar, soňra Ýere dolanyp gelenlerinde ýany bilen getirerler.

Taýýarlan Aýgül ÝAGŞYMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar