Te­bi­ga­ta ber­len wa­da

28 Sentýabr 2022
1998

— Güller, guwanjym, güller! Siz ne beýle näzijek! — diýip, giren otagymda mährini siňdiren gülleri bilen gürleşýän kärdeşimiň sözüne goşuldym.
— Akkeýik Çaryýewna, görýän weli, bu güller seniň diliňe düşünýär!
— Dogrusyny aýtsam, bu bereketli topraga kesewiňi dürtseň, gögeräýýä-dä. Şu gülleri ösdürelim bäri, iş otagymyň howasy täzelenen ýaly bolaýdy. Şujagaz gülüň özi bu uly otagyň howasyny açýan bolsa, onda daş-töweregimizdäki ekilýän baglar dem alýan howamyza, gör, nähili täsirleri ýetirýändir?!
— Aýdýanyň gaty dogry, Akkeýik! Daş-töweregimiziň ekologiki taýdan arassalygy biziň ählimiziň saglymyz üçin uly bir baýlyk. Munuň üçin diňe bir bag ekmek däl, eýsem dünýä ähmiýetli işler alnyp barylýar. Hut biziň döwletimizde hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan atmosferany hapalaýan gazlary azaltmak üçin «ýaşyl» wodorod ýangyjyny öndürmegiň zerurlygy boýunça «ýol kartasyny» döretmek teklip edildi.
— Diýmek, sen indi munuň üçin «Hakdan içeni» gözlemeli bolýarsyň?! — diýen Akkeýigiň degişme äheňli sözlerini kagyza geçiriljek ýazgylaryň başlangyjy diýip kabul edipdim.

Baýrammuhammet aga bilen Döwletjemal gelnejäniň ilkinji göz guwanjy Şamuhammediň çagalyk ýyllary iň gözel tebigatly ýerlerimiziň bir bolan Magtymguly etrabynyň Hojagala obasynda geçipdi. «Oglan atadan öwrener saçak açmagy» diýlişi ýaly, atadan gaýdýan mugallymçylyk kesbi onda hem höwesi, yhlaslylygy oýarypdy. Obanyň 11-nji orta mekdebinde okaýarka zehinli okuwçylaryň hatarynda adygan Şamuhammediň halkara ders bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri diňe bir maşgalanyň däl, eýsem tutuş etrabyň abraýyny artdyrdy.

Ogul­nar GUR­BAN­MÄM­ME­DO­WA,
«Di­ýar».
Beýleki habarlar