Internetiň ähmiýeti

23 Sentýabr 2022
1281

Mälim bolşy ýaly, internet ulgamy köptaraply ähmiýete eýe bolmak bilen, dünýäniň kompýuterlerini özüne birleşdirýän ulgamdyr. Internetden islän maglumatlaryňy tapyp bolýar. Her bir talyp öz kompýuterinde ýerleşdiren maglumatlarynyň ýazgylaryny saklap, gerek ýerinde ulanyp bilýär. Şeýle-de kompýuteriň üsti bilen elektron neşiri edinip bilýär, ýagny ol islän habarlarydyr maglumatlaryny öz kompýuterine sargyt edip bilýär. Kompýuterleriň bilim-ylym ulgamyndaky orny, bitirýän hyzmaty uludyr.

Täze tehnologiýalaryň güýçli ösýän häzirki döwri şekil we ses ýazgylaryny döretmäge-de giň mümkinçilikler açyldy. Olardan ýerlikli peýdalanmak bilen okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap, gyzykly, netijeli edip geçirip bolýar.

Jeren DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar