Aşgabat — Türkmenbaşy ýoluna rowana bolup, Halkara atçylyk toplumyna golaýlan dessiňe, alnyňda täze bir şäher peýda bolýar. Ol — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi. Täze merkeziň ak mermere örtülen belent binalary, hatar-hatar agaçlaryň ýaşyl gurşawy düýpgöter tapawutly. Merkeziň şäher ruhy, döredijilikli zähmet göwünleri galkyndyryp, kalbyňda egsilmejek guwanç duýgusyny döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň aprelinde Köpetdagyň gözel künjeginde peýda bolan bu gurluşyk meýdançasynyň çägine gadam goýanyňda, täze şähergurluşyk taslamasynyň doly göwrümine düşünýärsiň, geriminiň juda giňdigine göz ýetirýärsiň.