«Agzybirlik tilsimaty» kibersport bilen meşgullanýanlar üçin döwrebap gurluşlaryny hödürleýär

11 Sentýabr 2022
1239

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkezi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň «Hengshen Linhua Investment Management Co. Ltd.», «Tongfang Hongkong Limited» öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde döredilen «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy 2018-nji ýylyň güýzünden bäri ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýar. Kärhanada häzirki wagtda öz işine ussat hünärmenleriň 82-si zähmet çekýär.

Ähli önümleri dünýä standartlaryna laýyk gelýän «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öndürýän kompýuterleri Hytaý Halk Respublikasynyň iň öňdebaryjy «Tsinghua University» tehnologiýa merkezi tarapyndan sertifikatlaşdyrylandyr. Elektron gurluşlar boýunça dünýä belli «Intel» kompaniýasy bilen, programma üpjünçiliginde-de dünýäniň ýene bir öňdebaryjy kompaniýasy «Microsoft» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän kärhananyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän hem-de elýeterli bahaly önümlerine diňe ýurdumyzyň çäginde isleg ýokary bolman, olara Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Owganystan ýaly, sebitiň beýleki döwletleri tarapyndan hem gyzyklanma bildirilýär. Bu bolsa Türkmenistanda kompýuter önümçiliginiň barha rowaçlanýanlygyna bolan buýsanjyňy artdyrýar.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar