Täsinlikler äleminde

31 Awgust 2022
907

Iň uly ýel elektrik stansiýasy

Goňşy Özbegistanyň demirgazyk-günbatarynda, Garagalpagystan Respublikasynyň çäginde dünýäde iň uly ýel elektrik stansiýasy gurlar. «ACWA Power» arap kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guruljak ýel elektrik stansiýasynyň kuwwaty 1,5 GWt bolar. Has düşnükli dilde aýdanyňda, bu 1,65 million öýüň arassa energiýa bilen bökdençsiz, doly üpjün ediljekdigini we ýylda 2,4 million tonna uglerodyň daşky gurşawa goýberilmeginiň öňüniň alynjakdygyny aňladýar. Özbegistan elektrik energetikasy babatda Saud Arabystany döwleti bilen geljegi uly hyzmatdaşlyga badalga berdi. Ýakyn 5 ýylyň içinde Saud Arabystany Özbegistanyň energetika senagatyny ösdürmek üçin 10 milliard amerikan dollary möçberde maýa goýar. Dünýäde iň uly diýlip teswirlenýän ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy arap maýa goýumynyň hasabyna durmuşa geçiriljek iri energetika taslamalarynyň biri bolar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli ABDYKADYROW,
žurnalist.
Beýleki habarlar