Sanly ulgam — üstünligiň döwrebap şerti

25 Awgust 2022
890

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimizi we onuň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ulanyp, elektron dolanyşyk arkaly adamlara edilýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi kabul edilýän döwrebap kanunlar bilen düzgünleşdirilýär. Ol kanunlaryň hatarynda 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda kabul edilen «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolar. Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrdaky ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Kanun 5 bapdan, 28 maddadan ybarat bolup, onuň 1-nji maddasyna laýyklykda, elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly döwlet edaralarynyň fiziki we ýuridik şahslar üçin döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy bolup durýar.

Aýjeren IMAMGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar