Täsinlikler äleminde

24 Awgust 2022
740

Sebitiň uly metjidi

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Merkezi Aziýa sebitinde iň uly metjit açylyp ulanmaga berildi. Umumy 68 müň inedördül metr çäkde gurluşygy ýerine ýetirilen metjidiň namaz okalýan içerki zaly 10 gektar ýeri eýeleýär. Metjidiň esasy zalynda bir wagtda 200 müň töweregi we ýene goşmaça 35 müň adam namaz parzyny berjaý edip bilýär. Onuň baş gümmeziniň beýikligi 90 metr, diametri hem 62 metrdir. Metjidiň her burçundaky minaralaryň hersiniň beýikligi bolsa 130 metre barabardyr. Metjit diňe bir namaz parzlaryny berjaý etmek üçin zallardan ybarat bolman, onuň çäginde okuw otaglary, mejlisler zaly, garbanyşhana, telewideniýe üçin ýörite studiýa bar. Gazak paýtagtynda gurlan metjit diňe bir sebitiň iň uly metjidi bolman, ol dünýäde iň uly metjitleriň onlugynyň sanawyna hem girdi.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Begli Abdykadyrow,
žurnalist.
Beýleki habarlar