IOS üçin "AŞTU" ykjam programmasynda "Rysgal" bank karty arkaly onlaýn töleg elýeterli boldy

23 Awgust 2022
665

"AŞTU" - nyň abonentleri "Rysgal" bankyň kartlarynyň üsti bilen, iOS programmasy arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny tölemäge mümkinçilik aldylar.

Bu möhüm programma täzelenmesini “App Store” - dan ýükläp alyp bolar.Aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg töläniňizde, menýuda - "Rysgal banky" bölümi saýlamaly. Şeýle hem, tölegleri "AŞTU"- nyň resmi web sahypasynda, "Şahsy hasap" - dan ýa-da Google Play-den ýüklenilip alynan programma arkaly amala aşyryp bilersiňiz.

Beýleki habarlar