Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudagynda ýokary ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem ýokary sepgitlere ýetilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşde) Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bilim ulgamynyň maksatlaryny kesgitleýän bu kanunda görkezilen talaplar ählisi ýokary derejede ýola goýulýar.