Sanly bilimiň ösüşi

16 Awgust 2022
755

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron, ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet gönükdirilýär. Bu ugurdaky wezipeler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» özüniň anyk beýanyny tapýar.

Berkarar Watanymyzda sanly ulgamy ösdürmekde, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda edilýän tagallalar örän guwandyrýar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde sanly tehnologiýalar, ýokary tizlikli internet ulgamy ornaşdyrylýar, onlaýn sapaklar, wideoşekili duşuşyklar geçirilýär. Daşary ýurtlaryň bilim ojaklary bilen ylmy maslahatlardyr okuwlaryň geçirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler bar.

Myrat GURBANOW,
Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar