Häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribelerini ornaşdyrmak, düýpli ylmy esaslara daýanýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda inženerleriň, tehnologlaryň hem-de ylmy işgärleriň täze neslini kemala getirmek, ýaşlary ylym we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryna çekmek, jemgyýetiň ylym-bilim kuwwatyny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bakalawrlary hem-de magistrleri taýýarlaýan bilim beriş ulgamyny ýola goýdular.