Suw: döwrebap çözgütler

10 Awgust 2022
792

Türkmenistanda tebigy baýlyklara, şol sanda suw serişdeleriniň aýawly peýdalanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar esasynda döwrebap suw arassalaýjy desgalar yzygiderli gurulýar, ähli sebitlerde, hususan-da, Aralýaka zolagy bolan Daşoguz we Balkan welaýatlarynda suw üpjünçiligini berjaý etmek üçin, dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.

Suw ýaşaýşyň we berekediň gözbaşydyr. Tebigy suw özüniň hili we himiki düzümi boýunça dürli görnüşlere bölünýär. Içmäge ýaramly agyz suwunyň duzlulygy onuň 1 litrinde 1 gramdan geçmeli däl. Eger-de suwda kalsiý we magniý ionlarynyň mukdary 1 litrde 7 milligramdan geçse, oňa talhy suw diýilýär. Ýer togalagynyň dörtden üç bölegi suw bilen örtülip, mukdary 1,5 milliard kub kilometre barabardyr. Onuň diňe 3 göterime golaýy süýji suw bolup, galany ummanlaryň, deňizleriň duzly suwudyr. Süýji suwuň esasy ýatagy bolsa entek ulanylmaýan Arktikanyň hem-de Antraktidanyň buzluklarynda jemlenendir. Olaryň gory 24 million kub kilometr töweregidir. Diýmek, adamzadyň geljegi, süýji suwa bolan umydy şol suw hazynalaryny ulanmak bilen baglanyşyklydyr.

Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.
Beýleki habarlar