Oba hojalygyny ösdürmekde döwrebap kanunlaryň orny

9 Awgust 2022
735

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ösen industrial döwlete öwürmek babatda alnyp barylýan syýasatyň esasy mazmuny bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän, eksporta niýetlenen, ýokary tehnologiýa önümlerini öndürýän, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda işleýän düýpgöter täze önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa, daşary ýurtlaryň ösen tehnologiýalaryny we tehnikalaryny satyn alyp ornaşdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli innowasion ulgamyny has-da ösdürmegi we döwrebap bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär.

Häzirki wagtda ylmy açyşlara, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösmegi boýunça wezipeleri ylmy taýdan esaslandyryp çözmäge, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna ylmyň häzirki zaman gazananlaryny ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçilige degişli ýuridik we fiziki şahslary ylmy-barlag, tejribe-oýlap tapyjylyk we tehnologik işläp taýýarlamalara gatnaşmaga çekmek bilen, ylmy we innowasiýa telekeçilik işini ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler hem giňden ýola goýulýar.

Begenç ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar