Dynç alyş döwründe

1 Awgust 2022
884

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda ummasyz işleri durmuşa geçirýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek maksady bilen, raýatlarymyzyň tomusky dynç alyş möwsümini has-da gowy geçirmegi, oňat dynç almagy üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň wagtlaýyn tertibi tassyklanyldy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýän raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ähli pudaklara degişli bolan edara-kärhanalardyr guramalar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan hem degişli işler alnyp barylýar. Gullugyň resmi internet-saýtynyň onlaýn hyzmatlar bölüminde raýatlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gidip-gelmekleri üçin elektron rugsatnama resmileşdirmek mümkinçiligi döredildi. Munuň özi ildeşlerimiziň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, wagtlaryny tygşytlamaga ýardam eder. Şeýle hem şol ýerde elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri bilen tanyşdyrýan ýörite wideoşekiller ýerleşdirildi. Ulgam raýatlar üçin düşnükli bolar ýaly, sada görnüşde taýýarlanyldy.

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar