GPON tehnologiýasy – sanly ulgamlary ösdürmek üçin AŞTU tarapyndan ileri tutulýan ugur

28 Iýul 2022
889

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdydayýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar.

Paýtagtymyzyň Taslama köçesiniň ugrundaky 56 sany köp gatly ýaşaýyş jaýlardaky 2 100 sany öýlere we olaryň aşaky gatlaryndaky işewür ofislere, dükanlara GPON tehnologiýasy arkaly telekommunikasiýa hyzmatlaryny amala aşyrmak üçin optiki-süýümli kabelleri çekmek işleri doly tamamlandy. 

Beýleki habarlar