Awa­za — kö­ňül­le­riň mel­he­mi

28 Iýul 2022
1587

Türkmen topragynyň keramatyna-genjine haýran galyp oturmaly. Beýik Biribar bu mekana ähli baýlyklary, tebigy gözellikleri bolluk bilen eçilipdir. «Ýene-de görsem» diýdirýän şol genji-hazynalaryň, şypaly howanyň ynsan ömrüne, saglygyna, keýpiçaglygyna hyzmat etmegi esasy zat.

Hazaryň gözel kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem şeýle ajaýyplyklary özünde jemleýän mekandyr. Onuň at-owazasy bu gün älem içinde aýdym bolup aýlanýar. Taryhy nukdaýnazardan gaty gysga wagtyň içinde Awazada gurlan kaşaň myhmanhanalar, iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sagaldyş-dynç alyş merkezleri, beýleki dürli binalar bu ýeri diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, daşary ýurtlularyň hem iň arzylaýan ýerine öwürdi.

Mäh­ri­je­mal HAL­LY­ÝE­WA,
«Di­ýar».
Beýleki habarlar