Tehnologiýalar äleminde

27 Iýul 2022
853

Ýokary tizlikli ýolagçy uçarlary

Golaýda ABŞ-nyň «Boom Supersonic» kompaniýasy özüniň 2029-njy ýylda gatnaw hyzmatlaryna ornaşdyrmagy meýilleşdirýän «Overture» ýokary tizlikli ýolagçy uçarynyň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy. Berilýän maglumatlara görä, bu nyşan bilen öndüriljek uçaryň tizlik babatda häzirki wagtda ulanyşda bolan öňdebaryjy «Concorde»-niň ýerini eýelemegine garaşylýar. «Overture» adaty ýolagçy uçarlaryndan iki esse ýokary, ýagny sagatda 2100 kilometr (Mach 1.7) tizlik bilen uçar. Uzynlygy 61 metr, beýikligi 11 metr we ganat giňişligi 32 metr görnüşinde taýýarlanylýan bu nusgada ilkinji gezek awtomatik ýagdaýda uçuş seslerini azaltmaga niýetlenen ulgam ornaşdyrylar we ol howa ýollary hyzmatlarynyň islegine görä 65 we 80  ýolagça niýetlenen görnüşde öndüriler. Kompaniýa ýolagçy uçarynyň 2024-nji ýyla çenli önümçiligine, 2026-njy ýyla çenli bolsa uçuş synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär. Ulanylyşa girizilmegine heniz köp wagtyň bardygyna garamazdan, «Boom Supersonic» täze nusganyň gatnaw hyzmatlary babatda «United Airlines» we «Japan Airlines» bilen şertnama baglaşdy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar