Myhmanym — mertebäm

12 Iýul 2022
1060

Halkymyz toýlaryny toý, baýramlaryny baýram şekilli bellemegi başarýar. Türkmen toý toýlasa, ýüregiňe täsin şatlyk, kalbyňa ruhubelentlik aralaşýar. Göýä diýersiň, çagalyk ýyllaryňa dolanan ýaly duýgulary bagyş edýän milli baýramlarymyzyň, özboluşly toýlarymyzyň ýakymly täsiri çäksiz. Ata-babalarymyzdan gelýän gadymy däp-dessurlarymyza hormat goýmak, ony mynasyp dowam etdirip, nesilden-nesle geçirmek halkymyzyň baş maksady. Gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzyň hatarynda myhman garşylamak, myhmana mynasyp hödür-kerem etmek halkymyzyň wajyp hasap edýän dessurlarynyň biridir. Toý-baýramlarda adamlar birek-birege myhmançylyga baryp, bir-birine saçak başynda ýagşy arzuw-dileg edýärler. Çünki halkymyz «Myhman ataňdan uly», «Myhman geler işikden, rysky geler deşikden» diýen ýaly onlarça aýtgylary döredip, myhmany aýratyn sarpalap gelipdir.

Myhman garşylamagy söýýän halkymyz gadymy döwürlerden bäri gelim-gidimli öýi döwletli ojak hasaplapdyr. Bu, hakykatdan-da şeýle. «Göwün göwünden suw içer» diýlişi ýaly, aňyrdan gelen myhman öý eýesiniň güler ýüzüne, hoşamaý sözüne mätäçdir. Adam mähir tapýan ojagyna dolanagan bolýar. Ynsana berilýän ruhy goldawyň ähli däri-dermandan haýyrly bolýandygyny biz bilýäris. Gerek ýerinde menikli maslahatlary bilen gerdeniňdäki ýüküňi ýeňledip bilýän dogan-garyndaşlara, dost-ýarlara myhman baranyňda ugruňda hozanak bolýarlar.

Yhtyýar ULUKOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, leýtenant.
Beýleki habarlar