Türkmenistan uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam edýär

11 Iýul 2022
1340

Şu ýyl ýurdumyz şanly senäni — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň otuz ýyllygyny belledi. Üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolup, ýurdumyz öňdebaryjy ählumumy başlangyçlary ilerletmek üçin milletleriň halkara bileleşiginiň binýadyny yzygiderli ulanyp gelýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň welosipedi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň serişdesi hökmünde ulanylmagyny makullaýan, dünýäniň dürli döwletleriniň goldawyna eýe bolan kararnamasynyň kabul edilmegini görkezmek bolar.

Häzir energetikanyň geljegi dünýä möçberindäki möhüm meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly bolup durýar. Biziň ýurdumyz durnukly energetikanyň, arassa energiýanyň we energetika howpsuzlygynyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýär. Olar adamzadyň durnukly ösmeginde möhüm orun eýeleýär hem-de dünýä möçberinde howanyň gyzmagyny saklamak, uglewodorodlary çykarmak bilen bagly bolan zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary işjeňleşdirýär.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar